Horwatiýaly tälimçiler Ante Mişe bilen Sandro Tomiçiň Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti doldy

14:3614.03.2020
0
13385

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň we onuň kömekçisi Sandro Tomiçiň baglaşan şertnamalarynyň möhleti tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýty habar berdi. 

Şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we Dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama duşuşyklarynyň soňa geçirilmegi bilen, horwatiýaly tälimçiler Watanyna dolandylar. 

52 ýaşly Ante Mişe Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysyna bir ýyl ýolbaşçylyk etdi. Ol bu wezipä geçen ýylyň mart aýynda getirilip, tälimçi bilen bir ýyllyk şertnama baglaylypdy.

TFF-niň resmi web saýtynda berlen beýanatda: «Häzirki wagtda horwatiýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin gepleşikler alnyp barylýar» diýilýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama ýaryşynda çykyş edýär. Häzirki wagtda türkmen futbolçylary 9 utuk bilen «H» toparçanyň başyny çekýärler. Bu toparçada Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň we Şri-Lankanyň milli ýygyndylary hem ýaryşýar. Türkmen ýygyndysy indiki duşuşygyny 26-njy martda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçirmelidi. FIFA-nyň gelen karary bilen Aziýa boýunça saýlama duşuşyklary iýun aýyna geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň