Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: «Istiklol» ýeňiş bilen başlady

20:1011.03.2020
0
3326

AFK-nyň kubogy ― 2020-niň «D» toparçasyndaky açylyş duşuşygynda Täjigistanyň çempiony «Istiklol» öz meýdanynda ýurduň wise-çempiony «Hujandy» 2:0 hasabynda ýeňdi. «Istiklolyň» we Täjigistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Manuçehr Jalilow Duşenbe şäherinde geçirilen duşuşykdaky dubly bilen toparyna ýeňşi getirdi. 21-nji minutda hasaby açan futbolçy, 8 minut soňra 11 metrlik jerime urgusyndan hem dürs peýdalandy.

Ozal hem habar berlişi ýaly, stadiona janköýerler alynmady.

Türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow 64-nji minutda Şeriddin Boboýewiň ornuna oýna girdi. Şeýlelikde, ildeşimiz täjik toparynyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra hasabyna 3 utuk ýazdyran «Istiklol» toparçanyň başyny çekýär. Tapgyrdaky «Dordoý» ― «Altyn asyr» duşuşygynyň bolsa soňa süýşürilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň