Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatyna badalga berildi

19:2806.03.2020
0
5092

5-nji martda ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatyna badalga berildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär. Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýylky birinjilige hem 8 topar gatnaşýar. Olar Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň ýaşlar düzümleridir.

Täze möwsümiň açylyş duşuşygynda «Köpetdag» Marynyň «Energetigini» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Şu gün birinjiligiň çäginde ýene-de iki duşuşyk geçiriildi. Olarda «Şagadamyň» ýaşlary «Aşgabadyň» ýaşlar düzümini 2:1 hasabynda ýeňdi, «Ahal» bilen «Nebitçiniň» ýaşlarynyň arasyndaky duşuşyk bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Birinji tapgyrda meýilleşdirilen «Altyn asyr-2» we «Merw-2» duşuşygy 19-njy martda geçiriler.

Milli birinjiligiň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary 10 ― 11-nji mart günlerinde bolar.

Netijeler:

«Köpetdag-2» — «Energetik-2» — 1:0

«Şagadam-2» — «Aşgabat-2» — 2:1

«Ahal-2» — «Nebitçi-2» — 1:1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň