Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: çempionat «Köpetdag» bilen «Energetigiň» arasyndaky golsuz duşuşyk bilen başlady

19:2306.03.2020
0
11378

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 28-nji möwsümi golsuz geçirilen duşuşyk bilen başlady. «Aşgabat» stadionynda «Energetigi» kabul eden «Köpetdag» öz derwezesini berk gorasa-da, garşydaşyň derwezesine barýan ýoly hem tapmady. Şeýlelikde, möwsümiň ilkinji duşuşygy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Milli çempionatymyza 8 toparyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Çempionat 7-nji martda «Şagadam» ― «Aşgabat» hem-de «Ahal» ― «Nebitçi» duşuşyklary bilen dowam eder. «Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasyndaky oýun bolsa 20-nji marta geçirildi.

Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsümi «Altyn asyryň» bassyr altynjy çempionlygy bilen tamamlanypdy. Ilkinji üçlükde «Ahal» kümüş, «Şagadam» bolsa bürünç medaldan paý aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň