Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda dowam edýän gurluşyklaryň käbiri bilen tanyşdy

12:3306.03.2020
0
12398

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň günorta künjeginde dowam edýän gurluşyklarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidenti ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň binasynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany gurluşygyň ýokary hil derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, aýratyn-da, daşky görnüşine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu işlerde ýerli gurluşyk serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy möhümdir. Milli Liderimiz desgalary öňdebaryjy tehnologiýalara laýyklykda enjamlaşdyrmagyň esasy talaplaryň biridigini aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Çandybil şaýolunyň ugrunda Maslahatlar merkeziniň binasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamagyň hem-de milli binagärlik ýörelgelerini we dünýäniň şähergurluşyk babatda iň gowy gazananlaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany täze gurluşyklaryň ýene-de birine — Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň binasyna baryp gördi. Milletiň Lideri bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bilen tanşyp, bu binalaryň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyk gelýän halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüljekdigini belledi. Şoňa görä-de, binalaryň gurluşygyna, enjamlaşdyrylyşyna hem-de bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz bu binalaryň gurluşygynda işleriň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň