Top.Mail.Ru

Aşgabatda «Altyn gaýçy» bäsleşigi geçirildi

16:0102.03.2020
1
26023

Ýakynda Aşgabat şäherinde «Altyn gaýçy» atly gözellik we stil bäsleşigi geçirildi. Onuň 2000-nji ýyldan bäri asylly däbe öwrülendigini aýtmak gerek.

Bäsleşigiň guramaçysy, şoumen Wiktor Şohiniň «Turkmenportalyň» habarçysyna gürrüň berşi ýaly, bäsleşik iň gowy stilistleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik bu ugurda ussatlaryň köpdügini ýene bir gezek subut etdi. Şeýlelikde gözellik salonlaryna yzygiderli gelýän köp sanly müşderileriň ses bermeginde geçirilen garaşsyz bäsleşik paýtagtda iň gowy hyzmaty kimiň hödürleýändigini aýan etdi.

Bäsleşik iki ugur boýunça geçirildi. Ugurlaryň birinjisinde, salon hünärmenleriniň iş başarjaňlygy kesgitlenildi, ýagny gözellik salonynyň wekili bir modeliň üsti bilen saç bejermekdäki başarnygyny eminlere hödürledi. Bu işiň ussatlaryndan düzülen eminler her bir işe içginlik bilen baha beridler. Has takygy, bu ugur boýunça bäsleşige Aşgabadyň gözellik salonlarynyň 46-synyň hünärmenleri gatnaşdy.

Ikinji tapgyr iň gowy stilisti saýlamakdan ybarat boldy. Ýeňiji Internet arkaly geçirilen ses berlişigiň netijesinde saýlanyldy. Ses berlişigiň adalatly bolmagy üçin ähli tagallalar edildi.

Bäsleşige «Salerm» kosmetika kompaniýasy, «Roza Gül» dükanlar zynjyry, “Coliseum” fitnes kluby we “Avva” markasynyň dükany hemaýatkärlik etdi.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň ählisine hemaýatkärler tarapyndan goýlan 3500 manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.    
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
sidorenko1987 ( 27.04.2020 )

Здравствуйте.подскажите пожалуйста где можно узнать условия конкурса который пройдет в мары "золотые ножницы"

0