Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow şu gün özbek çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny geçirer

13:1329.02.2020
0
700

Şu gün Almalyk şäheriniň AGMK stadionynda Özbegistanyň Superligasynyň birinji tapgyrynyň AGMK ― «Metallurg» duşuşygy geçiriler. Duşuşyk öýlän sagat 16:45-de başlanar.

Ýer eýeleriniň düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem çykyş eder. Şeýlelikde, ildeşimiz täze topary bilen ilkinji resmi duşuşygyna çykar.

Bu duşuşyk, şol bir wagtyň özünde, Daşkent welaýatynyň derbisidir. Iki topar 2008-nji ýyldan bäri 24 gezek duşuşdy. Şunça duşuşygyň diňe ikisi deňlik bilen, galan 22 duşuşyk bolsa haýsy hem bolsa bir toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şu günki ýer eýeleriniň ― Arslanmyrat Amanowyň topardaşlarynyň 11 duşuşykda ýeňiş gazanandygyny hem aýtmak gerek. Pökgi gatnaşygy ― 46:45, AGMK-niň peýdasyna.

Türkmenistanly ýarym goragçy bu günki duşuşykda 77 belgili köýnekçede çykyş eder. Duşuşyk Özbegistanyň "Sport" teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň