Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň “Premýer” ligasynyň 2-nji aýlawyna badalga berilýär

18:3428.02.2020
0
769

Şu gün Russiýanyň “Premýer” ligasynyň gyşky arakesmesi tamamlanýar. Ýagny Russiýanyň çempionatynyň 2-nji aýlawyna badalga beriler. 20-nji tapgyryň ilkinji duşuşygynda aşaky orunlarda barýan “Krylýa Sowetow” bilen “Orenburg” toparlary duşuşarlar. Tapgyryň merkezi duşuşygynda sanawyň lideri “Zenit” öz meýdançasynda “Lokomotiwi” kabul eder. Bu duşuşyk ertir, has takygy, 29-njy fewralda 21:00-da oýnalar. Şol günki Moskwa derbisinde bolsa, “Dinamo” bilen “Spartak” duşuşar.

Ýekşenbe güni 2-nji hatardaky “Krasnodar” topary meýdançasynda “Ufany” kabul etse, ertir 3-nji basgançakdaky “Rostow” myhmançylykda “Ahmat” bilen güýç synanyşar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň