Soňky habarlar

Arhiw

Bäherden ýüplük kärhanasynda meýilnama 112 göterim berjaý edildi

10:4528.02.2020
0
827

Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşýan kärhanalaryň biri bolan Bäherden etrabyndaky ýüplük kärhanasynyň iş depgini barha ýokarlanýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bir ýylda 100 müň tonna barabar ýokary hilli ýüplügi öndürmäge niýetlenen kärhananyň ýörite belgili önümlerine islegiň barha artýandygyny ýylyň ilkinji aýynyň iş görkezijileri aýdyň görkezýär.

Kärhananyň zähmetsöýer işçi hünärmenleriniň tagallasy bilen, ol ýerde şu ýylyň ýanwar aýynda 4 million 364 müň 753 manatlyk ýokary hilli ýüplükler öndürildi.

Munuň özi degişli döwürde kärhanada önüm öndürmekde 112,61 göterim ösüşiň gazanylandygyny aň­ladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň