Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda döwlet hyzmatlarynyň «bir penjire» ulgamy kesgitlenildi

10:0428.02.2020
0
15333

27-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda «bir penjire» ulgamynyň kesgitlenendigi nygtaldy. Bu ulgam halkara tejribesinde resminamalary taýýarlamak hem-de daşary ykdysady işlerine gatnaşyjylaryň maglumatlaryny bermek, şolaryň bir nokatda maglumat taýdan üpjünçiliginiň elýeterliligi babatda ulanylýar.

Şu babatda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan işe girizilen e.gov.tm diýen bir bitewi Döwlet hyzmatlar hem-de işler portaly uly waka boldy. Bu portal raýatlar we işewürlik üçin elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, elektron senagatyny ösdürmek üçin 2019-njy ýyldan başlap ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany IT-hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmegiň onuň möhüm wezipeleriniň biridigini aýtdy.

Milletiň Lideri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ulgama geçmek işini öňe ilerletmek boýunça işleriň möhüm bölegini ýerine ýetirýändigini hem-de intellektual ulgamlaryň işlemegini, şol sanda milli tor giňişligini, internet hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça kanunçylyk taýdan goldanylmagynyň üstünde işlenilmegini üpjün edýändigini nygtady. Özümiziň sanly nusgamyzy döretmekden ugur alyp, öňdebaryjy tejribäni hem-de ösüşlere beslenen işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlaryň taýýar çözgütlerine we nou-haularyna esaslanman, eýsem, Diýarymyzyň ylmy-tehnologiki kuwwatyna daýanmalydyr.

Döwlet Baştutany «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmalydygyna hem-de bu ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-preýmere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegi boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň