Soňky habarlar

Arhiw

Oskarly aktýor ispan toparyny satyn almakçy bolýar

19:1427.02.2020
0
923

Golliwudyň oskarly aktýor Jorj Kluni futbol älemine aralaşmakçy bolýar. Aktýoryň şärikdeşlik edýän konsorsiýumy häzirki wagtda Ispaniýanyň 2-nji ligasynda çykyş edýän “Malaga” toparyny satyn almak üçin tagalla edýär. Bu barada ispan metbugatynda giňişleýin habar berilýär. “Malaga” topary üçin 36 million ýewrony teklip eden konsorsiýumyň bu teklibi bilen häzirlikçe ylalaşylmady. Sebäbi toparyň katarly eýesi, milliarder Abdullah El Sani aktýor we şärikdeşlerinden 100 million ýewro möçberinde pul isleýär.Taraplaryň ylalaşyk gazanyp-gazanmajakdygyny wagt görkezer. Şol birwagtyň özünde aktýor Malaga şäherinde diňe bir futbol bilen gyzyklanman eýsem, ol şäheriň meşhur dynç alyş ýeri bolan Costa del Sol-y kino sungatynyň merkezi ýerleriniň birine öwürmekçi hem bolýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň