Soňky habarlar

Arhiw

Lewandowski 4 hepdeläp çykyş edip bilmez

19:0227.02.2020
0
947

Möwsümi ýokary depginde alyp barýan “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi şikesi sebäpli 1 aý töweregi (4 hepde) meýdança çykyp bilmez. “Çelsi” duşuşygyndan soň, sag dyzynda ýüze çykan şikesi sebäpli onuň toparyna peýdasy degmez. Häzirki wagtda hem “Bundesligada”, hemem Çempionlar ligasynda iň köp gol geçirenleriň sanawynda birinji hatarda barýan Lewandowski şu möwsümde 33 oýunda 39 gezek tapawutlandy. 31 ýaşly ýyldyz oýunçy “Bundesligada” 25, Çempionlar ligasynda-da 11 gol bilen öňdäki hatarda barýar. Lewandowskiniň şikesli bolmagy “Bawariýanyň başarnygyna öz täsirini näderejede ýetirjekdigi bolsa, eýýämden köpleri içgin gyzyklandyrýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň