Katarda şu ýylyň ahyryna çenli Dünýä çempionaty ― 2022-ä niýetlenen stadionlaryň ýene-de üçüsi açylar

15:0526.02.2020
0
1759
Katarda şu ýylyň ahyryna çenli Dünýä çempionaty ― 2022-ä niýetlenen stadionlaryň ýene-de üçüsi açylar

Katar şu ýylyň ahyryna çenli futbol boýunça 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna niýetlenen stadionlaryň ýene-de üçüsiniň gurluşygyny tamamlar diýip, FIFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Dünýä çempionaty ― 2022-ä niýetlenen ilkinji halkara stadion ― Halifa stadiony 2017-nji ýylda açylypdy. Doha şäherindäki «Al-Janub» atly ikinji bir stadion bolsa 2019-njy ýylda ulanylmaga berildi. Umuman, Katar dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny 8 stadionda geçirmegi meýilleşdirýär.

Katar dünýä çempionatyny geçirmäge heniz doly taýýar däl. Ýöne ýurduň taýýarlyk işlerini bu çempionaty ozal geçiren döwletleriň ählisinden ir tamamlajakdygyny aýdyp bileris. Şu ýylyň ahyryna çenli 45 müň orunlyk «Edýukeýşn Siti», 44 müň orunlyk «Ahmed bin Ali» we 60 müň orunlyk «Al-Baýt» stadionlary ulanylmaga berler. Ýurtdaky gyzgyn howa derejesine garamazdan, bu stadionlaryň ählisinde ortaça maýyllygy 27 gradusda saklamak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda geçiriler. Çempionatyň duşuşyklaryny ýedi şäher: Doha, Lusail, Al-Wakra, Al-Hor, Ar-Raýýan, Umm-Salal we Aş-Şamal şäherleri kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň