Soňky habarlar

Arhiw

“Napoli” bilen “Barselona” birinji duşuşykda deňme-deň oýnadylar

11:4226.02.2020
0
743

Ilkinji gezek resmi ýaryşda duşuşan “Napoli” bilen “Barselonanyň” 1-nji duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady. Çekeleşikli geçen duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. “Napoliniň” goluny 30-njy minutynda Dris Mertens owadan urgy bilen derwezä girizdi. Bu onuň klubdaky 121-nji goly bolup, ol bu ugurda toparyň iň netijeli oýunçysy Marek Hamşik bilen deňleşdi. Oýnuň 57-nji minutynda-da Antuan Grizmann hasaby deňledi. Oýnuň ahyrlarynda “Barselonanyň” çilili ýarymgoragçysy Arturo Widal yzly-yzyna 2 sary kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Jogap duşuşygy 18-nji martda “Kamp Nouda” oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň