Soňky habarlar

Arhiw

TYA-nyň Himiýa instituty doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi

10:1826.02.2020
0
1267

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde Ylymlar akademiýasynyň ornuny giňeltmek, ylmy gazanylanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag edaralarynyň işini toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralaryny bölümlere tapgyrlaýyn bölmek bilen bir hatarda, üç ýylyň dowamynda olary Döwlet býujetinden maliýeleşdirmekligi bes etmek bellenildi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Şol resminama laýyklykda, ylmy-barlag işlerini alyp barýan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň edaralaryna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmek üçin alan girdejisini peýdalanmaga rugsat berilýär.

Ylmy edaralary bazar şertlerine uýgunlaşdyrmak, şol sanda olaryň guramaçylyk görnüşini hojalyk hasaplaşygyndaky edaralara öwürmek zähmet, maliýe, maddy serişdeleri has netijeli peýdalanmaga, işewürler we maýadarlar bilen özara gatnaşyklary saklamaga, ylmy, taslama, inžener-tehnologik işleri diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ilkinjileriniň biri bolup, doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Täze düzüme laýyklykda, institutyň bölümleri barlaghanalaryň 4-sini we bölümleriň 4-sini öz içine alýar. Olar buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni maliýeleşdirer.

Institut hojalyk hasaplaşygyna baryp, 2014-nji ýylda bölekleýin geçdi. Şonda hojalyk-şertnamalaýyn esasda ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdejiniň möçberi 1 million manada deň boldy. 2019-njy ýylda bu görkeziji 4 million 365 müň manada çenli artdy. Munuň özi edaranyň öz-özüni maliýeleşdirmäge geçmeginde aýdyň ösüş gazanandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty himiýa babatda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýän ýeke-täk edara bolup durýar. Ol mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny döretmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri we himiýa senagaty üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça köpugurly işleri alyp barýar.

Häzir institutda kandidatlaryň 13-si we ylymlaryň doktorlarynyň 2-si, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bir agza-habarçysy zähmet çekýärler. Onuň işläp gelýän döwründe kandidatlaryň 145-e golaýy we ylymlaryň doktorlarynyň 13-si taýýarlanyldy.

Häzire çenli Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ylmy makalalaryň 1450-den gowragy, monografiýalaryň 18-si, kitaplaryň 35-si çap edildi. Awtorlyk şahadatnamalarynyň we patentleriň 130-dan gowragy alyndy.

Bu ýerde alymlar diňe bir arassa ylmy wezipeleri çözmän, öz işläp taýýarlamalaryny senagat kärhanalarynda üstünlikli ulanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň