Soňky habarlar

Arhiw

«Bold» witaminli içgileri «PRODEXPO 2020» sergisiniň iki güwänamasyna mynasyp boldy

15:5425.02.2020
0
35097

Türkmenistanda miwe şirelerini öndürýän hususy kärhanalaryň biri bolan “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen “PRODEXPO 2020” XXVII halkara sergisiniň güwänamalary bilen sylaglandy ― diýip, «Biznes Turkmenistan» habar berýär.

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän “Bold light edition” haryt nyşanly witamin içgisi “PRODEXPO 2020” sergisiniň çäklerinde “Innowasion önüm” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, “Önümiň düzüminde innowasiýa” ýörite diplomy we altyn medaly bilen sylaglandy.

Şeýle hem serginiň çäklerinde geçirilen “Tor saýlawy” atly bäsleşiginde hojalyk jemgyýetiniň “Bold black edition” haryt nyşanly witamin içgisi ýeňiji bolup, ýörite diplom bilen sylaglandy.

“PRODEXPO 2020” XXVII halkara sergisinde türkmen kompaniýalaryndan “Altyn Ýunus” we “Parahat” hususy kärhanalary hem öz harytlaryny görkezdiler.

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda “Bold” haryt nyşanly witamin içgisi bilen bir hatarda, "Näzli", "Hoşal", "Ýedigen" we "Buzz" haryt nyşanly içgilerini hem alyjylara hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň