Soňky habarlar

Arhiw

«Nur» haryt nyşanly önümleriň görnüşi köpelýär

10:1725.02.2020
0
1026

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetinde «Nur» haryt nyşanly önümleriň dürli görnüşleri halka hödürlenilýär. Ýaglylyk derejesi 30, 45, 55, 67 göterim bolan maýoneziň 800 gramlyk ýelim bedre gaplara gaplanan 4 görnüşi, 200-400 gramlyk ýöriteleşdirilen kiçi polietilen hal­tajyklara gaplanan görnüşi, pomidor goýultmagynyň adaty hem ajy görnüşi önümçilikde baý tejribesi bolan hünärmenleriň tutanýerli zähmet çekýän kämil enjamly sehinde taýýarlanylýar ― diýip, «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

Beýleki önümçilik sehinde marinada ýatyrylan ýokary hilli pomidoryň gök hem gyzyl görnüşleri, adaty we ajy hyýar 2 görnüşde 500-900 gramlyk çüýşe gaplarda konserwirlenýär. 1 litrlik çüýşe gapda konserwirlenen pomidor bilen hyýaryň garylan görnüşini-de ildeşlerimiz höwes bilen satyn alýarlar. Bu ýerde her gün gök önümleriň 8 tonnasy konserwirlenip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýan bu hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň ähli tapgyryna, önümleriň hiline gözegçilik edýän hil barlaghanasy hereket edýär. Taýýar önümleriň saklanýan ýörite sowadyjy ammary bolsa, harytlar üçin degişli howany üpjün edýär.

Önümlere alyjylaryň uly isleg bildirmegi ol önümleriň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, geljekde daşarky bazarlarda hem öz ornuny tapjakdygyna ynamy artdyrýar. Maýonez hem-de üwmeç öndürýän bölümde geçen ýylyň hasylyndan täze önümleri — bir gezeklik ulanylýan «Ajaýyp prowansal» atly 55 göterim ýaglylykda maýonezini we pomidor üwmejini çykaryp başlady.

Müşderilere tanyş duzlanan hyýarlardyr pomidorlardan başga-da, gaplanan gök önümleri — marinada ýatyrylan gök pomidorlary, kädi jemini, tomat goýultmasy, sarymsagyň iki görnüşli önümini, burç goýultmagyny öndürip, halka ýetirdi.

Alyjylara uzak saklanýan önümleriň 20-ä golaý görnüşi hödürlenilýär. Söwda nokatlarynda gowrulan badamjan, tomat goýultmasy, duzlanan sarymsak ýaly gaplanan önümleriň täze görnüşleri hem satuwa çykaryldy. Bu önümler ýokary hilliligi we elýeterliligi bilen raýatlarymyzyň islegli harydyna öwrüldi.

Kärhanada öndürilýän önümleriň birnäçesi ýurdumyzda çykarylýan aýna gaplara gaplanylýar. Bu ýerde maýonezi we üwmeji wakuumly gaba gaplaýan täze enjam işe girizildi. Gündelik olarda 7-8 tonna golaý şeýle önüm gaplanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň