Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

02:4125.02.2020
0
5619
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda:

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, onuň durmuş düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler, jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň ähli etraplarynda baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge gönükdirilen işler;

welaýat häkimleri oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak, ýazlyk ýeralma we sogan ekişini tamamlamak, köpçülikleýin bag ekmek çäresine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de bag ekiljek ýerleri we zerur nahallary häzirden doly taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de maldarlara bu babatda ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler, gowaça ekişini bellenilen möhletinde we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz möwsümine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berdi. Şeýle hem häkim öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we beýleki möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.

Hasabatlary diňäln döwlet Baştutany paýtagtyň we sebitleriň häkimlerine alnyp barylýan işler bilen bagly tabşyryklary berdi. Iş maslahatynyň gün tertibinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky möwsüme taýýarlyk görmek, Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak, öňde boljak baýramçylyk dabaralary bilen baglylykda, Lebap atçylyk-sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini hemişe gözegçilikde saklamak ýaly meselelere hem seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň