Şri-Lankanyň Futbol federasiýasy Bosnýa we Gersegowinaly hünärmen Amir Alagiçiň milli ýygyndynyň baş tälimçi wezipesine bellenilendigini habar berdi. 59 ýaşly hünärmen Şri-Lankanyň milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Pakir Aliniň ornuny eýelär.
Iki ýyl çemesi işlän ozalky baş tälimçi göze görner ýaly üstünlikleri gazanyp bilmedi. Şri-Lankanyň ýygyndysy bolsa fewral aýynyň reýting-sanawyna görä, 205-nji orna çenli düşdi. Milli ýygyndy ozalky baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda 24 duşuşyga çykyp, şolaryň diňe birinde ýeňiş gazanyp bildi.
Täze baş tälimçi ― Amir Alagiç UEFA-dan halkara ygtyýarnamany alansoň, 25 ýylyň dowamynda Ýewropanyň we Aziýanyň köp sanly klublarynda işledi.
Şri-Lankanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Türkmenistan bilen bir toparçada («H» toparçada) ýaryşýandygyny ýatladýarys. Yzda galan duşuşyklarda garşydaşymyza utuk gazanmak başartmady.