Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda ýylyň başyndan bäri 2 müň kub metrden gowrak önüm öndürildi

11:5922.02.2020
0
1447

«Türk­men­de­mir­be­to­nö­nüm­le­ri» döw­let kär­ha­na­sy­nyň Da­şo­guz şä­herin­dä­ki de­mir-be­ton önüm­le­ri za­wodyn­da tä­ze teh­no­lo­gik ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, önüm­çi­li­giň möç­be­ri ep-es­li art­dy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil hem in­no­wa­sion en­jam­la­ry or­naş­dy­rylan bu ul­gam­da dur­muş ha­jat­la­ry üçin äh­li şert­lerdir amat­lyk­lar dö­re­di­len, giň otag­la­ry bo­lan köp gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da has kän ulanyl­ýan iç­ki di­war­la­ryň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Kär­ha­na­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan we­la­ýat mer­ke­zin­de bi­na edil­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şyk meý­dan­ça­la­ry­na ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri tä­ze önü­miň uly tap­gy­ry ug­ra­dyl­dy.

 Bu ýer­de önüm­çi­lik kuw­wat­ly­ly­gy­ny ýo­karlan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri, önüm­çi­li­ge ornaş­dy­ryl­ýan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li ul­gamlar — ar­ma­tu­ra­la­ry keb­şir­leý­ji, be­ton ga­ry­jy hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len teh­no­logik en­jam­lar — çy­ka­ryl­ýan önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni kö­pelt­mä­ge, ola­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Iş­le­riň göw­ne­jaý gu­ral­ma­gy, ulgam­la­ryň ut­ga­şyk­ly he­re­ket et­me­gi neti­je­sin­de bu ýer­de ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 2 müň kub metr­den gow­rak önüm öndü­ri­lip, 109,3 gö­te­rim ösüş ga­za­nyl­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň