“Atalanta” çärýek finalyň bosagasynda

10:0620.02.2020
0
3402

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-daky şowly oýnuny ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşy UEFA Çempionlar ligasynda-da dowam etdirýän “Atalanta” topary çärýek finalyň bosagasynda. Olar 1/8 finalyň birinji duşuşygynda “San Siro” stadionynda ispanlaryň güýçli toparlaryndan “Walensiýany” 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. “Atalantanyň” gollaryny 16-njy we 62-nji minutlarda Hans Hatebur, 42-nji minutda Ýosip Iliçiç hem-de 57-nji minutda Remo Froýler derwezä girizdi. “Walensiýany” jogap duşuşygy üçin az-owlak hem bolsa, umytlandyrýan ýeke-täk goly 66-njy minutda Denis Çeryşew derwezä gönükdirdi. Toparlar oýnuň dowamynda başga-da birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Duşuşykda 2 gol geçiren Hans Hatebur oýnuň gahrymany diýlip saýlandy. Jogap oýny 10-njy martda oýnalar. 

“Leipsig” ýeňiş bilen dolandy

1/8 finalyň ýene bir duşuşygynda “Tottenhem” öz meýdançasynda “Leipsigden” 1-0 hasabynda asgyn geldi. Ýeke-täk pökgini 58-nji minutda penalti urgusyndan Timo Werner derwezä girizdi. Duşuşykda derwezesini birnäçe amatly pursatda goldan sowmagy başaran Hugo Lloris oýnuň gahrymany diýlip saýlandy. Myhmançylykda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Leipsige” 10-njy martdaky jogap oýnunda deňme-deňlik hem ýeterlik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň