AFK-nyň kubogy: «Altyn asyryň» garşydaşlary ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdiler

16:1419.02.2020
0
4470

Şu gün Gyrgyzystanyň Jalalabad şäherindäki Kurmanbek stadionynda AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň çäginde ýerli «Neftçi» bilen Täjigistanyň «Hujandy» duşuşdy. Duşuşyk «Neftçiniň» 1:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini 51-nji minutda Aleksandr Ignatenko geçirdi.

Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 26-njy fewralda Täjigistanda geçiriler. Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiji bolan topar AFK-nyň kubogynyň Merkezi zolagy boýunça toparçalaýyn ýaryşa goşular. Bu toparçada häzir Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çempionlarynyň dördünji bäsdeşe garaşýandygyny ýatadýarys.

Toparçalaýyn duşuşklara 11-nji martda badalga berler. Ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» şol gün myhmançylykda «Dordoý» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň