Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

20:3418.02.2020
0
4156

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylan hem-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylda bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Foruma Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler şu ýylyň başynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini özüniň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul etmeginiň, şeýle hem Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmagyň kadalarynyň toplumyny taýýarlamak barada beýan edilen başlangyjyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, bitaraplygyň dostlarynyň Toparyny döretmek boýunça bilelikdäki işiň netijeli häsiýete eýe bolmagy häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde hem-de olaryň öňüni almakda bar bolan syýasy-diplomatik serişdeleri utgaşykly we toplumlaýyn peýdalanmagyň ýollaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Dabaraly çäräniň çäklerinde diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy üçin degişli diplomlar gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Maslahatyň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Daşary işler ministrliginiň daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guran sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň