Soňky habarlar

Arhiw

“Atletiko”–“Liwerpul”, “Borussiýa Dortmund” – PSŽ

12:2118.02.2020
0
821

Futbol muşdaklarynyň iň söýgüli ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasy 2 aýlyk arakesmeden soň, galan ýerinden dowam eder. Ýagny şu gün ýaryşyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklaryna badalga berler.

Şu gün 2 duşuşyk geçiriler. Şolaryň birinde kubogyň häzirki eýesi “Liwerpul” myhmançylykda “Atletiko Madrid” bilen duşuşar. 01:00-da başlanjak oýna polşaly Simon Marçiniak eminlik eder. Bu iki toparyň arasyndaky 5-nji duşuşyk bolar. Ondan öňki 4 oýunda her topar 1 gezek ýeňiş gazanyp, 2 oýun hem deňlikde tamamlanypdy. Iki toparam 4 gol geçirdi.

Beýleki duşuşykda-da “Borussiýa Dortmund” bilen PSŽ topary duşuşar. Ispaniýaly Antonio Mateu Lahozyň eminlik etjek duşuşygy 01:00-de başlar. Iki topar mundan ozal, özara 2 duşuşyk geçirip, iki oýun hem 1-1 hasabynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň