Top.Mail.Ru

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýolagçy gatnawy amala aşyrylyp başlandy

16:1217.02.2020
0
26660

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolagçy gämileri terminalynda RO-PAX kysymly «Berkarar» we «Bagtyýar» gämileri arkaly Türkmenbaşy ― Baku aralygynda ýolagçy gatnawy amala aşyrylyp başlanyldy. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň maý aýynda açylyp, ulanylmaga berlen Halkara deňiz porty özüniň hyzmatlarynyň üstüni ýene bir täze hyzmat bilen ýetirdi.

Ýokarda ady geçen ýolagçy gämileriniň her birine 200 ýolagçy we dürli görnüşli ulaglaryň 50-si ýerleşýär. Bu kuwwatly gämileriň Horwatiýada ýörite sargyt bilen öndürilip, ýurdumyza getirilendigini ýatladýarys.

Gäminiň üçünji gaty ýolagçylar üçin niýetlenendir. Bu ýerde döwrebap restoran, söwda dükanlary, dynç alyş nokatlary ýolagçylaryň hyzmatynda. Şeýle hem gämilerde kafeteriýalar, çagalar meýdançasy we lukmançylyk merkezi bar.

Türkmenbaşy ― Baku ugry boýunça petekler terminalyň kassalarynda şu bahalar boýunça satylýar:

  • Umumy orunlar — 800 manat;
  • 2 adamlyk kaýuta — 950 manat;
  • Lýuks-kaýuta (bir adamlyk) — 1 100 manat.

Iki gezeklik nahar petegiň bahasynyň içindedir.

Gatnawlaryň tertibi howa ýagdaýlaryna görä kesgitlenilýär. Ýolagçylar gatnaw wagtyna çenli portdaky «Beýik Ýüpek ýoly» myhmanhanasynda garaşyp bilerler.

Terminalyň özünde bolsa uly bolmadyk kafe bilen duti-fri dükanlary ýolagçylaryň hyzmatynda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň