Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň MOK-larynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekildi

20:2315.02.2020
0
3136

Nur-Sultan şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Gazagystanyň MOK-nyň resmi saýty habar berýär.

Taraplar biri-birine goňşy we dostlukly döwletleriň arasynda sportdaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berýärler. Ylalaşyk öz içine okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary boýunça mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmak we dopinge garşy göreşde güýçleri birikdirmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Bu Ylalaşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň Nur-Sultandaky duşuşygynyň çäklerinde gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň