Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: şu ýyl önümlerde «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýen haryt nyşany bolar

15:3215.02.2020
0
2626

14-nji fewralda ýylyň ýanwar aýynda edilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti söwda ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeriň öňünde birnäçe tabşyryklary goýdy.

Milletiň Lideri şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejämiziň şanly 25 ýyllygy mynasybetli bellenilen çärelere laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän ähli önümleriň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen haryt nyşanynyň bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň