Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: «Türkmenhimiýa» geçen ýylkydan 2,5 esse ösüş gazandy

14:2515.02.2020
0
524

Şu ýylyň ilkinji aýynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 129,5 göterim berjaý edildi. Pudak boýunça umumy ösüş depgini 240,4 göterime deň boldy. Bu barada wise-premýer Ş.Durdulyýew 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýyl birnäçe gezek bu konserniň işine nägilelik bildirilendigini ýatladýarys. Geçirilen netijeli işler indi konserniň ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Ýanwar aýynyň netijeleri boýunça konsertde ýurt boýunça rekord derejesindäki ösüş gazanyldy. Ýagny, pudak boýunça umumy ösüş depgini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 essä golaý boldy.

Türkmenistanda himiýa senagatynyň birnäçe kuwwatly kärhanalary hereket edýär. Olaryň birnäçesi bolsa hut birki ýyllykda açylyp, ulanylmaga berlen kärhanalardyr. Hünärmenleriň ylym wekilleri bilen sazlaşykly işiniň netijesinde pudak gün-günden ösüşlere ýar bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň