Soňky habarlar

Arhiw

“Galaxy S20” seriýasy tanyşdyryldy

17:2812.02.2020
0
11297

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde “Samsung” kompaniýasynyň “Galaxy S20” seriýasyna degişli smartfonlar we beýleki enjamlary tanyşdyryldy. “S20 Ultra” seriýanyň iň naýbaşysy hasaplanýar. Bu telefonda 5G aýratynlygy bolup, ululygy 6,9 dýuýma deň. Smartfonyň ekranynyň durulygy 3200 x 1440 piksel. Telefonyň çarçuwasy örän insiz bolup, onuň ýüzüni ekran gaplaýar. Yzky kameralar “iPhone 11”-däki ýaly dörtburçlugyň içine ýerleşdirilipdir. Esasy kamera 108 MP durulygynda surata alýar. Smartfonda 48 MP durulygynda telefoto, 12 MP durulygynda “Sony” kamera hem-de çuňluk kamerasy oturdylypdyr. Şeýle hem bu kameralar 8K durulygynda wideoýazgy almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, 4K we “Full HD” durulygynda wideo düşürip bolýar. Smartfonda 40 MP durulygynda surata alýan örän güýçli kamera oturdylypdyr. Bu kamera bilen 4K durulygynda hem wideo düşürip bolýar. Enjamyň ölçegleri: 167 mm x 76 mm, 8,8 mm. 108 MP durulygynda. Seriýanyň “Galaxy S20 Plus” we “Galaxy S20” smartfonlary hem tanyşdyryldy. Bu smartfonlaryň 5G-li hem-de 4G-li görnüşleri bolar. “S20 Plus”-yň ululygy 6,7 dýuým; uzynlygy 161,9 mm, ini 73,7 mm, galyňlygy 8,9 mm. Enjamyň 3200 x 1440 piksel durulygyndaky ekrany telewizorlaryňky ýaly gowy. Smartfonyň yz tarapynda 12 MP durulygynda birinji kamera, 64 MP durulygynda ikinji kamera, telefoto we ultra giň kamera bar. “Galaxy S20 Plus” we “Galaxy S20” smartfonlarynyň kameralary 8K, 4K we “Full HD” durulygynda wideo almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu telefonlaryň öňki kamerasy bilen 4K wideolary düşürip bolýar. “Samsung Galaxy S20”-niň ululygy 6,2 dýuýma barabar. Telefonyň ölçegleri: 151,7 x 69,1 x 7,9 mm.
Dabarada “Galaxy Buds+” geçirisiz gulaklyk hem tanyşdyryldy. Onuň bilen 11 sagatlap aýdym diňlemek, 7,5 sagatlap gepleşmek bolýar. Gulaklygyň “iOS” amaly ulgamyndaky (“iPhone”) smartfonlarynda hem ulanyp bolýandygy habar berildi. Şeýlelikde “iPhone” ulanyjylary “Samsung”-yň gulaklygyny hem ulanyp bilerler.

Dabarada “Galaxy Z Flip” atly eplenýän smartfonyny hem tanyşdyrdy. Dikligine eplenýän telefon açylanda 167 mm, eplenende 87,4 mm bolýar. Galyňlygy bolsa, açyk wagty 7,2 mm, ýapylanda 17,3 mm bolýar. “Galaxy Z Flip”-iň ýapyk wagty sagady, howanyň ýagdaýyny, gelen jaňlary görkezýän kiçiräk ekrany bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň