AGMK bir günde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

22:2710.02.2020
0
5650

Özbegistanyň AGMK futbol kluby Dubaýdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda bir günde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi diýip, «Championat.asia» habar berýär. Almalyk şäheriniň topary birinji duşuşykda «Şanhaý SIPG-den» 1:2 hasabynda asgyn geldi, ikinji bir düzümleriň arasyndaky duşuşyk bolsa 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

AGMK-nyň düzüminde milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň çykyş edýändigini ýatladarys. Garşydaş toparda bolsa Halk, Oskar ýaly futbolyň braziliýaly ýyldyzlary çykyş edýär.

Şeýlelikde, AGMK-niň Dubaýdaky iki hepdelik OTÝ-y tamamlandy. Bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň bäşisini geçiren topar ertir Daşkende gaýdyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň