AFK-nyň kubogy ― 2020: «Neftçi» ― «Ahal» duşuşygy geçirilmedi

23:5705.02.2020
0
9749

Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäherinde şu gün geçirilmegi göz öňünde tutulan AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki «Neftçi» ― «Ahal» duşuşygy geçirilmedi.

Türkmenistanyň wise-çempiony bilen Gyrgyzystanyň kubogynyň eýesi, Goçgarata şäheriniň «Neftçisi» şu gün yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna gatnaşmak üçin ilkinji saýlama duşuşygyny geçirmelidi.Türkmen topary bu duşuşyk üçin Gyrgyzystana gitmedi diýip, ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«Duşuşyk baradaky belli bir karara AFK tarapyndan gelner» diýlip, saýtda aýdylýar. Ozal hem habar berlişi ýaly, bu jübütleriň ýeňijisi saýlama duşuşyklaryň indiki tapgyrynda Täjigistanyň «Hujand» topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň