Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara atçylyk sport toplumynda iş maslahatyny geçirdi

09:3205.02.2020
0
4529

4-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelip,onuň abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Bu ýerde döwlet Baştutany şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewleriň köpasyrlyk taryhy barada gürrüň etdi. Bedewler gadym döwürlerden bäri we häzirki wagtda baýramçylyk dabaralarynyň bezegi, türkmenleriň kalbynyň ganaty hem-de wepaly ýoldaşy, halkymyzyň hakyky buýsanjy bolup durýar.

Milletiň Lideri toplumy gözden geçirip, degişli ýolbaşçylara «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu toý ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, toplumyň abadançylygy we arassaçylygy babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milletiň Lideri Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk baradaky meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň şanly seneleriniň ikisine — Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna hem-de ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany şol senelere gabatlanylan halkara çäreleriniň ählisine – forumlara, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine, at çapyşyklaryna, konkur we marafon bäsleşiklerine, şeýle hem beýleki sport ýaryşlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berip, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça mundan beýläk-de yzygiderli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda milli atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini aýtdy. Ahalteke bedewleri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparlarynyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak dabaralarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke bedewlerine bagyşlan kitaplarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyryş dabarasyny geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.

Milletiň Lideri teklibi umuman oňlap, bu çäräniň kitaplaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşjak adamlaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çeker ýaly derejede guralmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleriniň hakyky Watanynda guralýan baýramçylyk çäreleri tutuş dünýäde şan-şöhrata eýe bolan atlaryň adamzat jemgyýetinde mynasyp orun eýeleýändiginiň waspnamasyna öwrülmelidir. Şanly senelere bagyşlanan giň gerimli medeni çäreler çeper okaýyşlar, döredijilik duşuşyklary we agşamlary görnüşinde geçirilmelidir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň teatrlary we döredijilik işgärleri ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze çeper eserleri döretmelidirler.

Soňra döwlet Baştutany Galmaz atly ahalteke bedewi bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz bedewi athanadan çykaryp, ýörite niýetlenen açyk meýdançada birnäçe öwrüm etdi we at çapmagyň ýokary ussatlygyny görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň