Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde barýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

08:1205.02.2020
0
5763

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda dikuçarly Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň mart, awgust we noýabr aýlarynda degişli resminamalara gol çekdi. Ine, ýaňy-ýakynda, şu ýylyň 3-nji fewralynda milletiň Lideri bu döwrebap şäheriň desgalarynyň gurluşygyna 1,5 milliarda golaý amerikan dollaryny bölüp bermek hakyndaky Karara gol çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iň gowy milli tejribäni hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň taslamasyny iki tapgyrda, 2019 — 2021-nji hem-de 2020 —2022-nji ýyllarda amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany dikuçardan giň gerimli gurluşyk meýdançasyny synlap, alnyp barylýan işleriň barşy, depginleri we görnüşleri bilen içgin gyzyklandy hem-de şolaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýlelikde, taslamany durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlarynda dürli maksatly desgalaryň köpsanlysy, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralary, dolandyryş we önümçilik binalary gurlar hem-de ulanmaga berler, döwrebap inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümi dörediler.

Şeýle hem kottežler toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi raýatlarymyzyň öz isleglerine görä, ýaşaýyş jaýlaryny seçip almak mümkinçiligini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Bir söz bilen aýdylanda, bary-ýogy birnäçe ýyldan bu ýerde ajaýyp täze şäher peýda bolar. Şol ýerde raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertler dörediler.

Ýolugra döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de milli atçylygy ösdürmäge, meşhur ahalteke tohumyny saklap galmak we kämilleşdirmek işine saldamly goşant goşan Aba Annaýewiň adyny göterýän döwrebap şäherçäniň çägini synlady. Bu ýerde seýisler, çapyksuwarlar, hünärmenler hem-de olaryň maşgalalarynyň agzalary üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi özüniň ömrüni we ykbalyny atçylyk pudagy bilen baglan adamlar hakyndaky ýadawsyz aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň