AFK-nyň kubogy ― 2020: «Neftçi» «Ahalyň» garşysyna çykarjak futbolçylaryny kesgitledi

01:5201.02.2020
0
4724

2019-njy ýylda Gyrgyzystanyň futbol kubogyna mynasyp bolan «Neftçi» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda çykyş etjek futbolçylaryny kesgitledi. Bu barada «Sport.kg» habar berýär.

«Neftçiniň» 5-nji we 12-nji fewraldaky saýlama duşuşyklary Türkmenistanyň wise-çempiony we Kubok ýaryşynyň finalçysy «Ahal» bilen geçirjekdigini ýatladýarys.  

AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda «Neftçide» çykyş etjek futbolçylar:

Derwezeçiler: Mihail Paýuş (Moldawiýa), Temirlan Apaz uulu 

Goragçylar: Kurenkeýew Kubanyçbek, Uson uulu Esenbek, Majidow Timur, Izakow Kaýrat, Malikow Almazbek, Karipow Manas, Umarow Akramjon, Azamat Abdullaýew (Özbegistan).

Ýarym goragçylar: Kydyraliýew Abror, Jumataýew Argen, Omuraliýew Azamat, Askarow Abrorbek, Askarow Şahruh, Aleksandr Ignatenko (Ukraina), Askarbek uulu Syýmyk.

Hüjümçiler: Şarifi Amiriddin (Owganystan), Eldor Moldojunusow, Umidullo Iminow. 

Baş tälimçi: Nematjan Zakirow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň