Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysy Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada «Azerisport.com» habar berýär.
Neşiriň habarynda aýdylyşy ýaly, bu ýerde Ukrainanyň we Hindistanyň ýygyndylary hem öňde boljak halkara ýaryşlara ataýýarlyk görerler. Şol sanda Azerbaýjanyň öz ýygyndysy hem häzir Baku şäherinde türgenleşýär.
Türkmenistanly erkin göreşçiler bu ýerde Olimpiýa oýunlary ― 2020-ä hukuk berjek halkara ýaryşlara taýýarlanarlar.