Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýa oýunlaryndaky innowatiw tehnologiýalar

17:1928.01.2020
0
962

Ýaponiýa ösen tehnologiýanyň mekany hasaplanýar. Ýurtda 1964-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň  türgenleri we beýleki myhmanlary wagtyň sekundyň ondan birini görkezýän enjam bilen ilkinji gezek tanşypdylar. Üstümizdäki ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda hem tehnologiýa babatda haýran galdyrýan enjamlar görkeziler. Myhmanlara köp ýerde robotlar ýolbeletlik eder. Şeýle hem, Olimpiýa oýnunyň alawynyň wodorod ýangyjy bilen ýakyljakdygy mälim edildi. Mundan başga-da, wodorod ýangyjy bilen işleýän 500 sany awtoulag myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýada ýeňiş gazanan türgenlere gowşuryljak medallaryň hem köne elektron enjamlaryndan öndürilendigi habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň