Soňky habarlar

Arhiw

Basketbolyň super ýyldyzy süýndi

10:0327.01.2020
0
1102

Basketbol dünýäsiniň ägirtlerinden, NBA-nyň super ýyldyzlaryndan amerikaly Kobi Braýant dikuçar heläkçiliginde aradan çykdy. 41 ýaşynda aradan çykan ýyldyz oýunçynyň münen dikuçarynda 13 ýaşly gyzy bilen bir hatarda, ýene-de 7 adam bardy. 1996-njy ýylda orta mekdebi tamamlap, gönümel NBA ädim äden Kobi Braýant 20 ýyllap diňe bir klubuň – Los Anjeles Leýkersiň köýnekçesini geýdi. 5 gezek (2000, 2001, 2002, 2009, 2010) NBA çempionlygyny gazanan Braýant NBA-da ähli zamanalaryň iň köp utuk gazanan 4-nji basketbolçysydyr. 2008-nji ýylda adaty möwsümiň, 2009-njy we 2010-njy ýyllarda-da NBA Final tapgyrynyň iň gymmatly oýunçysy saýlanan Kobi Braýant 18 gezek NBA All-Starda çykyş etdi. Ol 4 gezegem NBA All-Star-yň iň gymmatly oýunçysy saýlanypdy. NBA karýerasy rekordlardan, başarnyklardan, ýeňişlerden doly bolan Kobi 2008-nji we 2012-nji ýyllarda ABŞ-nyň ýygyndysy bilen Olimpiýa oýunlarynda-da altyn medal gazanmagy başardy. 4 çaganyň kakasy Kobi Braýantyň LA Leýkersde geýen 8-nji hem-de 24-nji belgili köýnekçeleri 2016-njy ýylda pensiýa çykarylypdy. Ýagny şol belgidäki köýnekçeleri mundan soň hiç haçan hiç kim geýmeli däl edilipdi. Kobi Braýant 2018-nji ýylda “Dear Basketball” atly gysga göwrümli animasiýa bilen Oskar baýragyny hem gazanypdy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň