Soňky habarlar

Arhiw

«Istiklol» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna gitdi

14:5726.01.2020
0
2906
«Istiklol» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna gitdi

Täze möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşmagy maksat edinýän Täjigistanyň çempiony «Istiklol» birinji saýlama tapgyrynda Daşkentde ýerli «Lokomotiwi» ýeňip, toparçalaýyn tapgyra gatnaşmaga hukuk berjek pleý-off duşuşygyna çykypdy. «Istiklolyň» bu gezekki garşydaşy Saud Arabystanynyň «Al-Ahli» topary.

«Istiklol» düýn bu duşuşyga gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna gitdi. Duşenbe ― Dubaý ― Jidda tranzit ugry boýunça duşuşygyň geçiriljek ýerine baran toparyň düzüminde 18 futbolçy bar.

«Al-Ahli» ― «Istiklol» duşuşygy 28-nji ýanwarda Jidda şäheriniň «King Abdullah Sports City» toplumynda geçiriler.

Eger «Istiklol» ýerli topardan üstün çykyp, AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilse, «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogy ― 2020-däki garşydaşy «Regar TedAZ» topary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň