Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy (U-19) sebit çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

13:2925.01.2020
0
3836

Türkmenistanyň 19 ýaşa çenli gyzlardan düzülen futbol ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän sebit çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda ildeşlerimiz Özbegistanyň ýygyndysyndan 1:4 hasabynda ýeňildiler.

Şeýle hem birinji tapgyrda Täjigistanyň ýygyndysy eýranly futzalçylardan 0:15 hasabynda asgyn geldi. Gyrgyz futzalçylary bolsa Owganystanyň ýygyndysynyň derwezesine jogapsyz 3 pökgi geçirdiler.

CAFA ― 2020-niň çäginde jemi 15 duşuşyk geçiriler. Ýaryş bir aýlaw görnüşinde bolup, iň köp utuk toplan ýygyndy çempion bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň