Soňky habarlar

Arhiw

“Galaxy S20” barada täze maglumat berildi

11:2925.01.2020
0
3092

11-nji fewralda köpçülige tanyşdyrylmagynda garaşylýan “Samsung Galaxy S20” smartfonynyň täze suratlary we maglumatlary ýaýradyldy. Aslynda “Galaxy” seriýasynyň 11-njisi bolan telefonlar ilki “Galaxy S11” diýlip atlandyrylypdy. Smartfona “Galaxy S20” diýilmegi bilen 10-njy seriýadan 20-nji seriýa göni geçildi. Täze smartfon modelleriniň selfi kamerasy ortada ýerleşdirilipdir. Dürli reňkli görnüşleri boljak telefonyň barmak yzyňy okaýjysy hem ekranyň ýüzünde bolar. Seriýanyň iň gowusy “Ultra Samsung Galaxy S20” bolup, onuň ýadynyň göwrümi 512 GB-a barabar. “MicroSD” arkaly enjamyň ýadyny 1 TB-a çenli artdyryp bolýar. Şeýlelikde bu enjam ýat babatda gigabaýtdan terebaýt ölçegine geçen az sanly smartfonyň hataryna goşuldy. Öňki kamerasy 40 megapiksel bolan smartfonyň yz tarapynda 4 kamera ýerleşdirilipdir. Yz tarapynda durulygy 108, 48, 12 megapiksel bolan kameralar bilen, çuňlugy sazlýajy (Time-of-flight) kamerasy bar. Dünýäniň iň köp önüm öndüriji kompaniýasy bolan “Samsung”-yň täze smartfonlary barada has giňişleýin maglumat 11-nji fewralda berler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň