Soňky habarlar

Arhiw

Salah bilen Obameýang bir toparçada

17:5722.01.2020
0
1209

2022-nji ýylda futbol boýunça Katarda geçiriljek Dünýä Kubogy ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Afrika zolagynyň 2-nji tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, Kamerun bilen Kot-d’Iwuar “D” toparçada çykyş eder. Muhammed Salahyň çykyş edýän ýygyndysy Müsür bilen Pier-Emerik Obameýanyň ýygyndysy Gabon “F” toparça düşdi. Bu bolsa bada-bat azyndan 2 ýyldyzyň haýsy hem bolsa biriniň oýnuna futbol janköýerleri Dünýä çempionatynda tomaşa etmezler diýmekdir. Her toparçadan 1-nji orny eýelän topar 3-nji saýlama tapgyryna çykar. Duşuşyklar mart aýynda oýnalyp başlar.   

“A” TOPARÇA: Alžir, Burkina Faso, Niger, Jibuti

“B” TOPARÇA: Tunis, Zambiýa, Mawritaniýa, Ekwator Gwineýasy

“C” TOPARÇA: Nigeriýa, Kabo-Werde, Merkezi Afrika Resp., Liberiýa

“D” TOPARÇA: Kamerun, Kot-d’Iwuar, Mozambik, Malawi

“E” TOPARÇA: Mali, Uganda, Keniýa, Ruanda

“F” TOPARÇA: Müsür, Gabon, Libiýa, Angola

“G” TOPARÇA: Gana, Günorta Afrika, Zimbabwe, Efiopiýa

“H” TOPARÇA: Senegal, Kongo, Namibiýa, Togo

“I” TOPARÇA: Marokko, Gwineýa, Gwineýa-Bissau, Sudan

“J” TOPARÇA: Kongo DR, Benin, Madagaskar, Tanzaniýa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň