Soňky habarlar

Arhiw

Wadim Abramow: «Bunýodkor» Çempionlar ligasynyň toparçalaryna gatnaşyp bilmese, legionerlerimiz bilen hoşlaşarys»

19:2121.01.2020
0
3763

Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Daşkendiň «Bunýodkory» öz meýdanynda Yragyň «Al Zawra» toparyny kabul eder. Şu gün geçirilen metbugat maslahatynda toparyň baş tälimçisi Wadim Abramow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Sowallaryň biri topara täze goşulan legioner ― türkmenistanly hüjümçi Selim Nurmyradow bilen bagly boldy ― diýip, «championat.asia» ýazýar.

— ​«Bunýodkor» Selim Nurmyradow bilen şertnama baglaşdy. Ol hatda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda hem oýnanok ahyryn! Siz beýle oýunçyny nädip tapdyňyz?

— Ony bize agentler teklip etdi. Onuň oýny tälimçiler düzümine ýarady we biz onuň bilen şertnama baglaşdyk. Eger isleseňiz, men size milli ýygyndyda oýnamaýan ajaýyp futbolçylaryň birnäçesini mysal getirip biler. Ýene bir zady aýtmak isleýärin: eger topar Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykyp bilmese, biz legionerlerimiz bilen hoşlaşarys. Bu madda olaryň şertnamasynda hem görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň