Soňky habarlar

Arhiw

Messiniň täze rekordy

16:4520.01.2020
0
791

Ispaniýanyň çempionaty La Ligada 15 günlük arakesmeden soň, 20-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Barselona topary täze tälimçisi Kiki Setieniň tälimçiligindäki ilkinji duşuşygynda Lionel Messiniň 76-njy minutdaky ýeke-täk goly Granadany 1-0 ýeňdi. Messi La Ligada yzly-yzyna 16 ýyllap her ýylda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Barselonadan 1 gün öň öz meýdançasynda Sewilýany Kasemironyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen Real Madrid katalonlaryň ýeňşinden soň, ýene-de 2-nji orna düşdi.

Tapgyryň iň garaşylmadyk hasaby Atletikonyň myhmançylykda Eýbardan 2-0 ýeňilmegi boldy. Eýbar güýçli garşydaşyny Burgos (10) we Ekspositonyň (90) gollary bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Edil şonuň ýaly Walensiýa hem myhmançylykda Malýorkadan 4-1 utulyp, janköýerlerini gaty gynandyrdy. Malýorkanyň gollaryny Raillo (7), Budimir (22, 41) hem-de Rodrige Waskes (79) geçirdi.

 

La Ligada 20-nji tapgyryň netijeleri:

Leganes 0:3 Hetafe

Lewante 0:1 Alawes

Real Madrid 2:1 Sewilýa

Osasuna 0:0 Walýadolid

Eýbar 2:0 Atletiko

Malýorka 4:1 Walensiýa

Betis 3:0 Real Sosiedad

Wilýarreal 1:2 Espanýol

Atletik 1:1 Selta

Barselona 1:0 Granada

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň