Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedowyň topary 25-nji ýanwarda Türkiýä gider

03:0620.01.2020
0
717

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň 16-njy ýanwarda Özbegistanyň «Nawbahor» toparynyň türgenleşiklerine goşulandygyny habar beripdik. Türkmenistanly hüjümçi topar bilen 25-nji ýanwarda Türkiýäniň Antalýa şäherine tarap ýola düşer. Bu ýerde «Nawbahor» iki sany okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Baş tälimçi Andreý Kançelskisiň klubyň resmi saýtyna beren interwýusynda hem aýdyşy ýaly, Antalýada 25-nji ýanwarda başlanjak türgenleşikler 21-nji fewrala çenli dowam eder. Bir aýa ýakyn wagtyň içinde topar bu ýerde iki ýygnanyşyk geçirer. Ýöne iki ýygnanyşygyň arasynda myhmanhana üýtgediler we futbolçylara birki günlük dynç berler.

Özbegistanyň çempionatynyň täze möwsminde çempionlygy, iň bolmanda AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk berýän netijeleriň birini gazanmagy maksat edinýän topar Antalýada ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, göz öňünde tutulýan alty garşydaşyň häzir ikisi mälim. Olar Türkmenistanyň «Ahal», serbiýanyň «Rad» toparlarydyr.

Häzir «Nawbahoryň» wekilleri Moskwanyň «Dinamosy» bilen hem ýoldaşlyk duşuşygy üçin gepleşikleri geçirýärler.

Wahyt Orazsähedowyň bu meýilleşdirilýän duşuşyklaryň aglabasyna gatnaşmagyna garaşylýar. Onuň görkezjek netijesi topar bilen baglaşyljak şertnama öz täsirini ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň