Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Türkiýedäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda «Irtyşdan» ýeňildi

22:4118.01.2020
0
8208

Şu gün «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Türkiýedäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ildeşlerimiziň bu duşuşykdaky garşydaşy Pawlador şäheriniň «Irtyşy» boldy. Duşuşyk garşydaş toparyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

Gazak toparynyň gollaryny Artýom Popow, Timur baýjanow we Dmitriý Mandriçenko dagylar geçirdi. «Irtyşda» türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow hem oýnady.

«Irtyşyň» Gazagystanyň çempionatynyň geçen möwsümini sekizinji basgançakda tamamlandygyny ýatladýarys.

«Ahalyň» Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji ýanwarda tamamlanar. Ildeşlerimiz 21-nji ýanwarda Ruminiýanyň «Politehnika Ýassy» topary bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.

Türkmenistanyň çempionaty ― 2019-y kümüş medal bilen tamamlap, AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan «Ahal» 5-nji we 12-nji fewralda Gyrgyzystanyň «Neftçi» topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň