Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatynyň bosagasynda BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolar

18:2116.01.2020
0
3516

Horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionatyna şu günler Aşgabatda taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynda ýazylyşy ýaly, milli ýygyndymyz täze ýylyň ilkinji günlerinden başlap, türgenleşikleriň depgini has güýçlendirdiler.

Aşgabatdaky türgenleşikler ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam eder. Soňra türkmen futzalçylary okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Birleşen Arap Emirliklerine ugrar. Bu ýerden hem Tailanda geçip, halkara ýaryşa gatnaşmak we ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda «A» toparçada ýaryşar. Ildeşlerimiziň topardaşlary Wýetnamyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň