Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionaty ara alnyp maslahatlaşyldy

15:0212.01.2020
0
11943

Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalnda Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň Guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçirilýän we bu çäre bilen bagly Aşgabat şäheriniň beýleki ýerleriniň bezeg işleri barada we Aziýa çempionatynyň oýunlaryna giriş petekleriniň eskizlerini we petekleriň satuw nokatlaryny kesgitlemek barada pikir alşyldy.

Futzal boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşýan toparlary, resmi wekilleri hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň talaplaryna laýyklykda myhmanhanalara ýerleşdirmek we iýmit bilen üpjün etmek işleriň ugurlary barada hem gürrüň edildi.

Guramaçylyk toparynyň mejlisiniň gün tertibinde gozgalan meseleler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýerine ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň