Soňky habarlar

Arhiw

Tailandda futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirilýär

16:0709.01.2020
0
26581

Tailandda 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda Aziýa çempionatyna badalga berildi diýip, «Championat.asia» habar berýär. Bu ýaryşyň aýratynlygy onuň ýeňijileriniň Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanjaklygydyr.

Yklym çempionatyna iň güýçli 16 ýygyndy gatnaşýar. Ýaryşda VAR ulgamyndan hem peýdalanyljakdygy esasy täzelikleriň biri. Eýýäm 8-nji ýanwarda «A» toparçada iki duşuşyk geçirildi. Olarda Tailand Bahreýniň ýygyndysyny 5:0 hasabynda ýeňdi, Yrak bilen Awstraliýa bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Yklym çempionatyna Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasyndan Özbegistanyň we Eýranyň ýygyndylary wekilçilik edýär. Şu gün bu iki topar «C» toparçanyň çäginde biri-biri bilen duşuşar.

Toparçalar:

«А» toparça: Tailand, Yrak, Awstraliýa, Bahreýn

«В» toparça: Katar, Ýaponiýa, Saud Arabystany, Siriýa

«С» toparça: Özbegistan, Koreýa Respublikasy, Eýran, Hytaý

«D» toparça: Wýetnam, KHDR, Iordaniýa, BAE.

Duşyşyklar:

8 ― 16-njy ýanwar aralygynda toparçalaýyn duşuşyklar

Çärýek final, 19-njy ýanwar (Bangkok):

Ýarym final, 22-nji ýanwar (Bangkok, Rangsit)

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk, 25-nji ýanwar (Bangkok)

Final, 26-njy ýanwar (Bangkok)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň