Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen aýna önümleri» eksport edilýän ýurtlaryň sanyny artdyrýar

21:2408.01.2020
0
8854

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa ministr­li­gi­ne de­giş­li «Türk­men aý­na önüm­le­ri» kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň eks­port müm­kin­çi­likle­ri art­ýar. Hä­zir­ki gün­le­re çen­li bu kär­ha­na­nyň aý­na önüm­le­ri Öz­be­gis­ta­na, Ga­za­gys­ta­na we Tä­ji­gis­ta­na eks­port edil­di.

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň n­de ýer­leşýän kär­ha­na ýyl­da du­ry aý­na­nyň 7,2 mil­li­on ine­dör­dül met­ri­ni, to­nir­le­nen aý­na­nyň 1 mil­li­on ine­dör­dül met­rini, tap­la­nan aý­na­nyň 300 müň ine­dör­dül met­ri­ni, la­minir­le­nen aý­na­nyň 100 müň ine­dör­dül met­ri­ni we aý­na pa­ket­le­ri­niň 400 müň ine­dör­dül met­ri­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Tu­tuş se­bit­de iri aý­na önüm­çi­lik za­wod­lary­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan «Türk­men aý­na önüm­le­ri» kär­ha­na­sy­nyň önüm­le­ri ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­niň hasa­by­na ön­dü­ril­ýär we da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edil­ýär. Kär­ha­na­da di­ňe bir gur­lu­şyk mak­sat­ly aý­na­lar däl, buýur­ma­lar esa­syn­da çüý­şe gap­la­ry­nyň hem 15 gör­nü­şi iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň