Sergeý Nemçinow: “Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň Dünýä çempionatyna taýýarlygy meýilnama boýunça dowam edýär”

21:0128.12.2019
0
14461

Ýakynda Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy 55 ýaşly rus hünärmeni Sergeý Nemçinowyň ýolbaşçylygynda Minsk şäherinde geçirilen  okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanyp geldi. Türkmen hokkeýçileri bu ýerde 2020-nji ýylyň 19 — 26-njy apreli aralygynda Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionyna taýýarlandy. Belarusdaky türgenleşiklerden soňra “Turkmenportalyň” habarçysy Sergeý Nemçinow bilen söhbetdeş boldy.

– Biz türgenleşikleriň dowamynda milli ýygynda çagyrylmaga mynasyp täze oýunçylary ýüze çykardyk. “Galkan”, “Oguzhan”, “Şir” toparlaryndan 3-4 samy täze okkeýçi milli ýygynda çagyryljak derejede ukyply.

– 10 günlük türgenleşikleriň dowamynda ýene nämeleri gazandyňyz?

– Türgenleşikler diýseň netijeli boldy. Türgenleşikleriň dowamynda zehinlije çagalaryň 40-a golaýyny hem gözden geçirdik. Men bu türgenleşikleriň çagalaryň özleri üçin hem, tälimçiler üçin hem peýdaly bolandyr diýip umyt edýärin. Olar özlerine henize çenli nätanyş bolan maşklaryň köp sanlysyny ýerine ýetirip, has kämilleşdiler.

– Diýmek, olar milli ýygyndymyzyň geljegi bolýar-da!

– Hawa, olar Aşgabadyň hokkeý mekdeplerinde türgenleşýärler.

– Minskidäki ýygnanyşykdan soňra milli ýygyndymyzyň nähili meýilleri bar?

– Ýanwar aýynda biz Aşgabatda ýene bir ýygnanyşygy meýilleşdirýäris. Ol iki hepde dowam eder. Şol ýygnanyşykda hem dünýä çempionatyna taýýarlygymyzy dowam etdireris.

– Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky milli ýaryş geçirildi. Şol ýaryş baradaky garaýyşlaryňyzy hem paýlaşaýsaňyz.

– Maňa duşuşyklary geçýän döwründäki gyzyklanma we janköýerleriň toparlara ýokary derejedäki goldawy diýseň ýarady. Duşuşyklarda janköýer diýseň kän boldy. Esasan, “Şir”, “Galkan”, “Nesil” ýaly toparlaryň özara duşuşyklary has gyzykly boldy.

– Türkmen hokkeýiniň iň güýçli topary hasaplanylýan “Galkan” finala çykyp bilmedi. Onuň ornuna “Şiriň” arzyly kubok ugrundaky aýgytlaýjy duşuşyga çykmagy siziň üçin hem garaşylmadyk ýagdaý boldumy?

– Menem şeýle pikir edýärin. Aslynda, köpimiz beýle ýagdaýa garaşmadyk. Ýöne “Şiriň”  bu üstünligi juda mynasyp gazanandygyny aýtmaly. Bu ýagdaý türkmen hokkeýinde güýçleriň deňleşýändigini, bäsdeşligiň artýandygyny  görkezýär.  Hatda häzirki wagtda “”Şir “Galkandan” biraz güýçli diýsek hem ýalňyş däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň